Guş gribi indi bolsa Eýranda görüldi

Bütin dünýäde barha ýaýbaňlanýan guş gribi indi bolsa Eýranda görüldi

620691
Guş gribi indi bolsa Eýranda görüldi

Geçen hepde H5N8 wirusyna gabat gelinendigini mälim eden resmi Tähran şu gün bolsa ýüz müňlerçe towugyň ýok edilendigini habar berdi.

Eýranyň Weterenariýa gullugynyň başlygy Mehdi Halaj Tähranyň gündogaryndaky Melard etrabynda towuk saklanýan we köpeldilýän 4 aýry ýerde guş gribiniň bardygynyň anyklanandygyny belledi.

Halajyň berýän maglumatyna görä ýokary derejedäki H5N8 wirus sebäpli 513 müňden gowrak towuk ýok boldy.

Eýranyň hökümeti weterinar gözegçilik bolmadan haýwanlaryň bir ýerden başga bir ýere göçürilmegini gadagan etdi.

H5N8 wirusy Ýaponiýadan Ýewropa çenli dünýäniň ähli ýerinde görülýär.

Tomusyň ahyrynda Russiýada ýaňadandan ýüze çykan guş gribi soňky gezek bolsa Ýaponiýada ýokary derejede ýokançly ýagdaýda orta çykdy.

Ýaponiýanyň resmileri Niigatadaky fermalarda anyklanan wirusyň 40 towugy öldürmegi sebäpli 310 müň haýwany ýok etmeli bolandyklaryny habar berdiler.

Aomoride bolsa ördeklere guş gribiniň ýokandygy anyklandy, ol ýerde bolsa 165 müň haýwan ýok ediler.

Ýewropada bolsa epidemiýa materigiň iň köp ganatly haýwan öndürijisi bolan Fransiýa bardy.

Fransiýanyň Oba-hojalyk ministrligi ýurduň demirgazygynda H5N8 wirusyna gabat gelinendigini habar berdi.

Russiýadan Ýewropa geçen guş gribi soňky birnaçe aýyň dowamynda Horwatiýa, Germaniýa, Gollandiýa, Daniýa, Awstriýa, Şweýsariýa, Polşa, Şwesiýa we Wengriýa ýaly ýurtlarda görüldi.

Ýakyn Gündogar ýurtlarynda Ysraýylda hem meňzeş wakalaryň bolandygy mälim boldy.

2003-nji ýyl bilen 2007-nji ýyllar aralygynda 167 adamyň ýogalmagyna sebäp bolan guş gribi Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasynyň berýän maglumatyna görä ýabanjy guşlardan fermada saklanýan guşlara ýokýar.



Degişli Habarlar