Sergeý Lawrow resmi sapar bilen Türkiýä geler

Russiýanyň Daşary işler ministri Sergeý Lawrow geçen ýylyň 24-nji noýabrynda uçar meselesi sebäpli bes edilen Türkiýe saparyny 1-nji dekabrda amala aşyrar

617535
Sergeý Lawrow resmi sapar bilen Türkiýä geler

Russiýanyň DİM-niň metbugat geňeşçisi Mariýa Zaharowa hepdelik metbugat ýygnagynda Daşary işler ministri Lawrowyň Rus-Türk Bilelikdäki Strategik Meýilleşdiriş Toparynyň maslahatyna gatnaşmak üçin 1-nji dekabrda Antalýanyň Alanýa etrabyna barjakdygyny mälim etdi.

Maslahatyň Türk F16-larynyň rus Su-24 uçaryny bir ýyl ozal urup düşürmeginden bäri ilkinji gezek geçiriljekdigini ýatladan Zaharowa, Alanýada özara gatnaşyklar bilen birlikde sebitleýin we halkara meselelere-de garaljakdygyny aýtdy.

Mariýa Zaharowa Siriýadaky meseleleriň gün tertibine geljek maslahatynda terrorçylyga garşy halkara göreşiň netjeliliginiň güýçlendirilmegi barda-da pikir alyşyljakdygyny nygtady.

Rus tarapynyň Türkiýe bilen gatnaşyklary ozalky çägine ýetirilmegini isleýändigine garamazdan onuň wagt talap edýändigini bellän Zaharowa: “Gatnaşyklary bozmak ýeňil, düzetmek bolsa kyn bolýar. Uçarymyzyn urlup düşürilmeginden soňky dartgynly döwürde-de eslije täze meseleler ýüze çykdy. Bularyň ählisi boýunça ylalaşylmaly we çözülmeli” diýdi.



Degişli Habarlar