Eýranda otly heläkçiligi boldy

Wakada ilkinji kesgitlemelere görä 31 adam ýogaldy

617754
Eýranda otly heläkçiligi boldy

Eýranyň demirgazygyndaky Simman welaýatynyň daglyk ýerinde 2 otlynyň çakyşmagy netijesinde ilkinji kesgitlemelere görä 31 adam ýogaldy.

Otly heläkçiligi Simman welaýatyndaky Haft Han bekediniň golaýynda şu gün irden boldy.

Otlynyň biri beketde duran başga bir ýolagçy otlysyny kakdy.

Çakyşmagyň täsiri bilen 4 wagon agdaryldy, 2 wagon bolsa ýandy.

Simman welaýatynyň häkimi wakada 31 adamyň ýogalandygyny, 70 adamyň ýaralanandygyny mälim etdi.

Ýogalan adamlaryň sanynyň artmagyna alada bildirilýär.


Etiketkalar: #Haft Han , #Simman , #Eýran , #häkim , #otly

Degişli Habarlar