Halapdaky howa hüjümlerinde ýene-de dört adam ýogaldy

Siriýada Asada tabynlykdaky güýçleriň Halap şäheriniň gündogaryndaky oppozisionerleriň gözegçiligi astyndaky ýerlere guran howa hüjümlerinde ýene-de 4 adam ýogaldy, 10 adam ýaralandy

616070
Halapdaky howa hüjümlerinde ýene-de dört adam ýogaldy

Alynan maglumata görä Asada bagly güýçleriň uçarlary oppozisionerleriň gözegçiligi astyndaky Muýesser etrapçasynda ýaşaýyş ýerlerine howa hüjümi gurady.

Bombaly hüjümde aralarynda çagalar hem bolan 4 adam ýogaldy, 10 adam ýaralandy.

Howa hüjümlerinde 5 gatly bina nyşana alyndy.

Halas edijiler binanyň ýokarky gatynda harabalyklaryň aşagynda galan 2 gyz çaganyň bardygyny anyklady.

Halas ediş işleriniň netijesinde çagalaryň diňe biri halas edilip bilindi.


Etiketkalar: #Halap , #Muýesser , #ertapça , #gyz , #çaga

Degişli Habarlar