ABŞ Ýewropa syýahat etjek raýatlaryna duýduryş berdi

ABŞ öz raýatlaryny Ýewropada terrorçylykly hüjümleriň guralyp biljekdigi barada duýduryş berdi

615317
ABŞ Ýewropa syýahat etjek raýatlaryna duýduryş berdi

ABŞ-nyň Daşary işler ministrligi tarapyndan “Ýewropa Syýahat duýduryşy” ady bilen beren beýanatynda Ýewropa ýurtlarynda golaýlap gelýän noel we täze ýyl günlerinde guralmagy ähtimal terrorçylykly hüjümlere garşy seresap bolmaklary barada ABŞ-nyň raýatlaryna duýduryş berdi.

Beýanatda amerikan raýatlarynyň festiwallarda, dabaralarda, açyk bazarlarda, restoranlarda, köpçülikleýin ulag serişdelerinde, syýahatçylyk zolaklarynda we ybadat edilýän ýerlerde ünsli bolmaklary barada çagyryş berildi.

Bu duýduryşyň 2017-nji ýylyň 20-nji fewralynda tamamlanjakdygy aýdylýan beýanatda ynamly ýerlerden alynan maglumatlaryň terror guramasy DAIŞ, Al-Kaýda we şuňa meňzeş guramalaryň ady agzalan günlerde Ýewropada hüjüm guramagy meýilleşdirýändikleri aýdylýar.



Degişli Habarlar