Erdogan: “ABŞ-nyň Siriýa we FETÖ syýasaty tamamyzy ödemedi”

Prezident R.T.Erdogan ABŞ-nyň Siriýa we Fetullahçy terror guramsaynyň ýolbaşçysynyň yzyna berilmegi baradaky syýasatlarynyň tamalaryny ödemändigini aýtdy

614440
Erdogan: “ABŞ-nyň Siriýa we FETÖ syýasaty tamamyzy ödemedi”

Erdogan ABŞ-nyň “CBS” teleýaýlymynda berilen “60 minut” atly gepleşikde Ýakyn Gündogarda başdan geçirilýän wakalar, FETÖ-nyň ýolbaşçysynyň yzyna berilmegi we Türkiýe-ABŞ gatnaşyklary barada beýanat berdi.

Erdogan ABŞ-nyň Siriýa syýasaty sebäpli bildiren gynanjy ýatladylanda, bu meseleleri hem Prezident Barak Obama hem-de Wise-prezident Jo Baýden bilen ara alyp maslahatlaşandyklaryny, emma Amerikan hökümetiniň bu meseleleri düýpli çemeleşmändigi sebäpli başarnyksyz bolandygyny, onuň hem özlerini gynandyrýandygyny aýtdy.

Gepleşikde türk halkynyň bolsa esasanda 15-nji iýuldaky agdarlyşyk synanşygyndan soň ABŞ-na gatyrganýandygyny we ýurtda Amerika bolan garşylygyň güýçlenendigini nygtady.

Erdogan, agdarlyşyk synanşygy guralan mahalynda Erdoganyň maşgala agzalary bilen dynç alyşdadygy barada nygtalan gepelşikde: “Özüňiz we maşgala agzalaryňyz üçin gorkduňyzmy” diýlen soraga:

“Biziň ynanjymyzda bir zat bar, biz özümizi allaga tabşyrdyk. Biz ölüme ynanýan adamlar, emma şeýle wakada eger siz lider bolsaňyz ähli zatdan ozal halkyňyza ölümsizligiň ýüzlenmesini bermeli. Çünki men şuňa ynanýaryn: lider daşyň aňyrsyna bukulsa, milleti dagyň aňyrsyna bukular” diýip jogap berdi.

Gepleşikde Erdoganyň “Mundan ozal Türkiýäniň jenaýatçylary ABŞ-na berendigini, Türkiýäniň hem Amerikadan şoňa garaşýandygy” baradaky sözlerine orun berildi.

Erdogan, alyp baryjynyň: “ABŞ-nyň agdarlyşyk synanşygy bilen arabaglanşygynyň bardygyny pikir edýäňizmi” diýen soragyna:

“Millet oňa şeýle garaýar. Bu adam sizde näme üçin dur? Sen ony şo taýda saklan halatyňda Türkiýäniň we türk milletiniň garaýyşy üýtgemez” diýip jogap berdi.

Prezident Erdogan gepleşikde ABŞ bilen terror guramasy ÝPG-ä ýarag kömeginiň berilmegi barada ýüze çykan düşnüşmezlik barada durup geçip: “DAİŞ-e garşy söweşýändigi üçin başga bir terror guramasyna arka çykyp bilmersiňiz. Terror guramalarynyň arasynda “gowy erbet” diýip tapawut goýmaly däl, emma bu meselede ABŞ bilen düşünşip bilmedik” diýdi.

Türkiýe-Russiýa ýakynlaşmasy bilen Türkiýe-NATO gatnaşyklarynyň nähili boljakdygy barada-da durup geçen Erdogan: “Häzirki wagtda biz gatnaşyklarymyzy NATO-nyň esaslandyryjy düzgünnamasyndaky maddalara görä dowam etdirýäris we NATO hem şeýle alyp barýar” diýdi.

Gepleşigiň ahyrynda täze Amerikan hökümeti bilen Türkiýäniň gatnaşyklarynyň tapawutly bolup biljekdigi nygtalyp, täze prezidenti Donald Trampyň egindeşleriniň Türkiýäni möhüm hyzmatdaş hökmünde häsýetlendirýändigini we FETÖ-niň ýolbaşçysynyň yzyna berilmelidigini beýan edendigi ýatladyldy.



Degişli Habarlar