Şinzo Abe Donald Tramp bilen duşuşdy

Ýaponiýanyň Premýer ministri Şinzo Abe ABŞ-nda 8-nji noýabrda geçirilen Prezident saýlawlarynda üstün çykan Donald Tramp bilen duşuşan ilkinji daşary ýurtly lider boldy

613427
Şinzo Abe Donald Tramp bilen duşuşdy

Kýodo agentligi Premýer ministr Abeniň Perunyň paýtagty Limada geçiriljek Aziýa-Ýuwaş okean ykdysady hyzmatdaşlyk maslahatyna gatnaşmazdan ozal ABŞ-na baryp, Tramp bilen duşuşdy.

Abe duşuşykdan soň beren beýanatynda Ýaponiýa bilen ABŞ-nyň arasyndaky ynama esaslanýan gatnaşyklary göz öňünde tutup: “Tramp bilen geçiren duşuşygyň jikme-jikligi barada maglumat bermerin. Emma iki ýurduň arasyndaky aragatnaşyk ynama esaslanýar. Ýurtlaryň arasynda ynam bolmasa gatnaşyklar dowam edip bilmez. Trampyň özüne ynam bildirip biljegimiz bir liderdigini gördüm. Iň gysga wagtda ýaňadandan duşuşarys” diýdi.

Tramp hem Facebook saýtyndaky hasabynda: “Premýer ministr Şinzo Abe öýüme geldi. Dostlaşdyk, hoşallyk bildirýärin” diýip ýazdy.

Abe şol bir wagtda entek Prezident wezipesini kabul etmedik lider bilen duşuşan ilkinji ýapon döwlet adamsy boldy.



Degişli Habarlar