Abe Tramp bilen duşuşjak ilkinji lider bolar

Şinzo Abe Tramp bilen duşuşmak üçin Nýu Ýorka barar

612826
Abe Tramp bilen duşuşjak ilkinji lider bolar

 

Ýaponiýanyň Premýer ministri Şinzo Abe ABŞ-nyň 45-nji Prezidentligine saýlanan Donald Tramp bilen duşuşjak daşary ýurtly ilkinji lider bolar.

Şinzo Abe Peruda geçiriljek Aziýa Ýuwaş Umman söwda maslahatynyň öňüsyrasynda Tramp bilen duşuşmak üçin Nýu Ýorka barar.

Iki lider duşuşykda Ýaponiýanyň howpsyzlygy, Trampyň saýlaw kampaniýasynda erkin şertnamasy meselesinde beren wadasy hakynda pikir alyşar.

Abe duşuşygy öňüsyrasynda beren beýanatynda Tramp bilen ynamyň ýaňadandan üpjün edilmegi we dünýäniň durnuklylygy üçin birlikde işleşmek isleýändigini aýty.

Donald Tram saýlaw kampaniýasynda Ýaponiýada Amerikan harby bazasynyň çykdajylaryna uly goldaw berilmelidigini aýdypdyr.

 



Degişli Habarlar