Eýran bilen Russiýanyň arasyndaky harby hyzmatdaşlyk pugtalanmak bilen dowam edýär

10 milliard dollarlyk täze ýarag şertnamasynyň baglaşylmagy meselesi gün tertibinde esasy orun eýeleýär

610281
Eýran bilen Russiýanyň arasyndaky harby hyzmatdaşlyk pugtalanmak bilen dowam edýär

Tährana goýlan embargolaryň bes edilmeginden soň Eýran bilen Russiýanyň arasyndaky harby hyzmatdaşlyk pugtalanmak bilen dowam edýär.

Eýran Russiýadan täze ýarag ulgamlaryny satyn almak üçin herekete geçdi.

Resmi Tähranyň bu talabyna Moskwa oňyn jogap berdi.

Iki ýurduň arasynda 10 milliard dollarlyk täze ýarag şertnamasynyň baglaşylmagy meselesi gün tertibinde esasy orun eýeleýär.

Täze şertnama T-90 tanklary bilen harby uçarlary we dik uçarlary öz içine alýar.

Eýran Russiýanyň täze nesil S-400 roketa goranyş ulgamlary bilen hem ýakyndan gyzyklanýar.

 

 

 



Degişli Habarlar