Ukraina halkara synçylaryň Kryma girmegi üçin Russiýa çagyryş berdi
Halkara synçylaryň Kryma girmegi üçin Russiýa çagyryş berilýän karar taslamasy BMG-na hödürlendi
607164
Ukraina Krymda adam hukuklarynyň basgylanmagyny ýazgarýan we halkara synçylaryň Kryma girmegi üçin Russiýa çagyryş berýän karar taslamasyny BMG-nyň Baş Assambleýasyna hödürledi.
BMG-nyň resmi internet saýtynda berlen karar taslamasynda Ukraina bilen birlikde Britaniýa, ABŞ we Fransiýa ýaly 38 ýurduň goly bar.
4 sahypalyk karar taslamasynda Krym tatarlaryna, Ukrainaly we başga etniki we dini toparlara agza halkyň hak-hukuklarynyň basgylanmagy we olaryň alalanmagy ýazgarylýar.
Karar taslamasynda şeýle hem Russiýanyň hökümetine halkara synçylaryň Kryma girmegine rugsat bermegi üçin çagyryş berilýär.