"DAIŞ ABŞ-nyň gizlin ýaragly goşunydyr"

Sefewi “Bular DAIŞ-iň ABŞ-nyň gizlin ýaragly goşunydygyny subut edýär” diýdi

605492
"DAIŞ ABŞ-nyň gizlin ýaragly goşunydyr"

Eýranyň dini lideriniň harby işler boýunça kömekçisi Rahim Safewi terror guramasy DAIŞ-iň ABŞ-nyň gizlin ýaragly goşunydygyny öňe sürdi.

Rahim Sefewi ABŞ-nyň şol guramany gözegçilik astyna alyp bilmeýändigi hakyndaky garaýyşlara ynanmaýandygyny nygtady.

Sefewi “Bular DAIŞ-iň ABŞ-nyň gizlin ýaragly goşunydygyny subut edýär” diýdi.

Rehim Sefewi ABŞ-nyň Prezidentligine dalaşgärlerden Hillary Klintonyň DAİŞ ýaly Al Kaidanyň hem özleri tarapyndan gurlandygyny boýun alandygyny öňe sürdi.

Sefewi “ABŞ-nyň gizlin ýaragly goşuny DAIŞ-e ýardam berýändigi hakynda subutnamalar bar. Resmi Waşington bir tarapdan  Siriýadaky we Yrakdaky ýaly yslam ýurtlarynda söweşe meçew berýär, beýleki tarapdan Ysraýylyň howpsyzlygyny üpjün etmäge çalyşýar. 1980-1988-nji ýyllardaky Yrak urşy sebäpli Eýranyň 200 müňden gowrak raýaty şehit boldy. 2011-nji ýylda başlan içerki uruş sebäpli Siriýada 300 müňden gowrak adam şehit boldy. Yragyň, Siriýanyň we Ýemeniň halkyndan 9 million adam bosgun ýagdaýyna geldi we Ortaýer deňzi bosgunlaryň gonamçylygyna öwrüldi” diýdi.

 



Degişli Habarlar