Kanada 2017-nji ýylda 300 müň bosgun kabul eder

Kanadanyň hökümeti 2017-nji ýylda 300 müň bosguny kabul etjekdiklerini habar berdi

601088
Kanada 2017-nji ýylda 300 müň bosgun kabul eder

Kanada Raýatlyk we migrasiýa ministri John McCallum Ottawa şäherinde geçiren metbugat ýygnagynda ýyllyk 300 müň bosgun bolan kwotanyň 2017-nji ýylda hem üýtgemejekdigini habar berdi.

Ministr McCallum kararyň ykdysadyýetde iş güýjindäki ýetmezçiligi azaltmak we ilatyň garry bölegini azaltmak maksady bilen kabul edilýändigini mälim etdi.

Ministr John McCallumyň beýanatyna görä kabul ediljek bosgunlaryň esasan hem ýokary bilimli, hünärli we söwdadan başy çykýanlardan ybarat bolar. 300 müň adamlyk kwotanyň 2-nji bölegi bolsa maşgala birleşdirme programasynyň çägindäki Kanada gitjek bosgunlardan ybarat bolar.

Beýleki tarapdan Kanada Raýatlyk we migrasiýa ministrligindan berilen ýazmaça beýanatda Rumyniýa we Bolgariýa garşy goýulan wizalaryň 2017-nji ýylyň 1-nji dekabryndan başlap aýryljakdygy nygtalýar.



Degişli Habarlar