Hindistan-Pakistan dartgynlygy barha möwjeýär

Hindistan-Pakistan serhedinde ýüze çykan çaknyşykda 14 adam ýogaldy, 26 adam ýaralandy

601770
Hindistan-Pakistan dartgynlygy barha möwjeýär

Hindistanyň hökümeti serhediň Pakistan tarapyndan minomýot bilen od açylmagy netijesinde 8 adamyň ýogalandygyny, ençeme adamyň bolsa ýaralanandygyny mälim etdi.

Pakistan hem Hindistan tarapyndan od açylmagy netijesinde asuda ilatdan 6 adamyň ýogalandygyny habar berdi.

Yslamabad guralan hüjümi Hindistanyň ilçihanasynyň öňünde protest etdi.

Hindistan bilen Pakistanyň arasyndaky dartgynlyk şu ýylyň sentýabr aýynda Hindistana giren ýaragly toparyň 19 hindistanly esgeri öldürmegi bilen has hem artdy.

Hünärmenler serhetdäki bu dartgynlygyň has hem artyp, 2 ýurdyň arasynda ýadro söweşiniň emele gelmegine alada bildirýärler.



Degişli Habarlar