Bagdatda guralan bombaly hüjümlerde 8 adam ýogaldy

Hüjümlerde 36 adam hem ýaralandy

598870
Bagdatda  guralan bombaly hüjümlerde 8 adam ýogaldy

Yragyň paýtagty Bagdatda 5 ýerde guralan bombaly hüjümlerde 8 adam ýogaldy.

Hüjümlerde 36 adam hem ýaralandy.

Hüjümleriň jogapkärçiligini heniz öz üstüne alan bolmady.

Terror guramasy DAİŞ paýtagt Bagdatda her gün diýen ýaly bombaly hüjüm guraýar.

Yrakly ýolbaşçylar üstümizdäki ýylyň ahyryna çenli terror guramasy DAİŞ-iň Yrakda uly ýeňilişe sezewar boljakdygyny emma 17-nji oktýabrda Mosulyň yzyna alynmagy üçin başladylan operasiýa bilen terror guramasy tarapyndan guralýan hüjümleriň hem artdyp biljekdigi barada duýduryş berdi.

Yragyň iň uly şäherlerinden biri bolan Mosulyň terror guramasy DAİŞ-den saplanmagy üçin Yragyň ýaragly güýçleri, peşmerge güýçleri we esasy bölegi Başika düşelgesinde türk esgerlerinden harby tälim alan Ninowa Müjahitleri 17-nji oktýabrda operasiýa başladypdy.

 

 


Etiketkalar: #Bagdat , #Yrak , #hüjüm , #DAIŞ

Degişli Habarlar