Halap şäherindäki hüjümde 4 adam ýogaldy

Etrapçanyň resmisi Hüseýin Beduw Russiýa degişli harby uçaryň etrapçadaky ýaşaýyş ýerlerini bombalandygyny mälim etdi.

596966
Halap şäherindäki hüjümde 4 adam ýogaldy

Siriýanyň demirgazgyndaky Halap şäheriniň günbatarynda ýerleşýän Urum Al-Kubra etrapçasynda guralan howa hüjümlerinde asuda ilatdan 4 adam ýogaldy, köp sanda adam ýaralandy.

Etrapçanyň resmisi Hüseýin Beduw Russiýa degişli harby uçaryň etrapçadaky ýaşaýyş ýerlerini bombalandygyny mälim etdi.

Hüjümde 1-i zenan, 2-si çaga bolan 4 adamyň ýogalandygyny, köp sanda adamyň ýaralanandygyny bellän Beduw: "Ruslar etrapça 3 gezek howa hüjümini gurady" diýdi.

Beduw halas edijileriň harabalyklaryň aşagynda galan adamlary halas etmäge synanyşýandygyny habar berdi.


Etiketkalar: #Halap , #hüjüm , #Russiýa

Degişli Habarlar