Talibanly başbozarlar polisiýa bölümine hüjüm gurady

Hüjümde 17 Talibanly başbozar öldürildi

595057
Talibanly başbozarlar polisiýa bölümine hüjüm gurady

Talibanyň Owganystanyň demirgazygyndaky Jüzjan welaýatyndaky polisiýa bölümine guran hüjüminde 17 başbozar öldürildi, 20 başbozar bolsa ýaralandy.

Beýleki tarapdan Taliban 3-nji oktýabrda Helmand welaýatynyň Nawe etrabynda guralan kamikaze hüjüminiň wideosyny görkezdi.

Uçarmansyz howa ulagy tarapyndan wideo alynan hüjümde polisiýa ştaby nyşana alynypdy.

Bir Içeri işler müdüriniň we köp sanda howpsyzlyk işgäriniň ýogalmagy bilen netijelenen hüjümden soň Taliban sebiti öz gözegçiligi astyna aldy.



Degişli Habarlar