Russiya we Asad Halapda 8 sagat möhlet bilen hüýümleri bes eder

Russiyanyuň Goranmak ministrligi asuda ilatyň we oppozision toparlaryň şäheri terk etmegi üçin Halapda hüjümleriň bes edilýekdigini habar berdi

591827
Russiya we Asad Halapda 8 sagat möhlet bilen hüýümleri bes eder

Asuda ilatyň şäher etmegi we ynsanperwer kömeginiň yetirilmegi üçin iki koridor açylar.

Hüýümleriň 20-nýi oktyabr güni sagat 08:00-da başlaýakdygy we sagat 16:00-a çenli dowam etýekdigi habar berildi.

Bellenen sagatlaryň aralygynda rus we Siriyanyň goşunlary howa hüýümlerini bes eder.

Russiyanyň BMG-niň yanyndaky hemişelik wekili Witali Çurkin parasatly oppozision toparlar terrorçylardan ayrylan halatynda Siriyanyň halap şäherinde hüýümleriň hemişelik bes edilýekdigini aytdy.

Žurnalistlere beyanat beren Çurkin oppozision toparlar Al Nusra frontundan ayrylan halatynda “hüýümleriň hemişelik bes edilýekdigini” nygtap: “Emma Al Nusranyň ylalaşygy, urşy ähli yerde dowam etdirmek maksady bilen dessine toparlanşyk we yarag üpýün etmek üçin peydalanandygyny gördük” diydi.

Çurkin: “Oppozision toparlar bilen terrorçylaryň ayrylmagy üstünlikli bolan halatynda Al Nusra iki teklip hödürlaris: Ya şäheri terk ederler, ya-da derbi-dagyn ediler” diydi.



Degişli Habarlar