Mosuly halas ediş operasiýasy başlady

İki ýyldan bäri terror guramasy DAİŞ-iň gözegçiligi astynda bolan Yragyň esasy şäherlerinden biri bolan Mosuly halas etmek üçin operasiýa guralýar

590823
Mosuly halas ediş operasiýasy başlady

Yragyň Premýer ministri Haýdar Al Abadi operasiýanyň başlandygyny döwlet teleýaýlymy arkaly habar berdi.

Abadi operasiýanyň dowamynda Mosulyň halkynyň howpsyzlyk güýçleri bilen arkalaşmagyny isledi.

Yragyň harby goşuny we 15-18 müň aralygyndaky Peşmerge güýçleri Hazar frontundan terror guramasy DAİŞ-e üç tarapdan hüjüm edýär.

Mosulyň ozalky gubernatory we Ninowa goragçylarynyň serkerdesi Asil Nujeýfi operasiýa Başika bazasyndaky türk esgerleri tarapyndan tälim berilen sünni güýçleriň hem gatnaşýandygyny mälim etdi.

Amerikan güýçleri hem Mosuly top okuna tutýar.

Hyzmatdaş güýçleri tarapyndan howa goldawy berilýän operasiýada terror guramasy DAİŞ-e degişli güýçleriň Mosul düzlüginde yzarlanmagy üçin etrap dik uçarlar tarapyndan ýagtyldylýar.

Erbil-Mosul ýolunyň ugrundaky Peşmergeler DAİŞ-iň gözegçiligindäki obaralara tarap süýşýär.

Terror guramasy DAİŞ bolsa hüjümlere agyr ýaraglar bilen gaýtawul görkezýär.

Opersasiýanyň çaginde ilki bilen hristian ilatynyň köpçülikleýin ýaşaýan ýerlerinden biri bolan Hamdaniýe etrabynyň halas edilmegi göz öňünde tutulýar.

ABŞ-nyň Yrakdaky hyzmatdaş güýçlerindäki wekili Birett MakGork operasiýanyň başlandygyny sosial media arkaly habar berdi.

Mak Gork: “Bu taryhy opersaiýada siziň bilen bilen bile bolmak bizi buýsandyrýar” diýip ýazdy.

ABŞ-nyň Goranmak ministri bolsa Mosul opersaiýanyň DAİŞ-e garşy göreşde kesgitleýiji boljakdygyna ünsi çekdi.

Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly bolsa Mosul operasiýasyndan ozal beren beýanatynda Türkiýäniň pozisiýasyna ünsleri çekip: “Mosul operasiýasy şaýy söweşijiler bilen däl, Yragyň harby goşuny we ýerli güýçleri bilen guralmaly” diýipdi.

Sebitdäki wakalaryň Türkiýäniň milli howpsyzlygyny ýakyndan gyzyklandyrýandygyny nygtan Çawuşogly, Türkiýäniň howpsyzlygyna wehim saljak wakalara halkara hukugyndan gelip çykýan haklaryndan peýdalanjakdygyny mälim etdi.

Ministr Çawuşogly sebitiň ýolbaşçylarynyň hem Yrakdaky hem-de Siriýadaky wakalara messepçi düşünje bilen çemeleşmeklerine garşydyklaryny ýene-de bir gezek beýan etdi.



Degişli Habarlar