ABŞ bilen Russiýa Siriýa meselesinde ylalaşyp bilmeýär

ABŞ-nyň Döwlet sekretary Jon Kerri Russiýanyň tutumyny berk tankyt etdi

585234
ABŞ bilen Russiýa Siriýa meselesinde ylalaşyp bilmeýär

ABŞ bilen Russiýa Siriýa meselesinde ylalaşyp bilmeýär.

Iki ýurt Siriýa meselesinde biri-birini günäkärlemäge dowam edýär.

ABŞ-nyň Döwlet sekretary Jon Kerri Russiýanyň tutumyny berk tankyt etdi.

Kerri “Russiýa Halap şäherinde hassahana guran hüjümi hakynda bütin dünýä düşündiriş bermeli, harby jenaýat etmek bilen aýyplanylyp bilner” diýdi.

Russiýa bolsa Halapda çaknyşyklaryň bes edilmegi üçin Fransiýanyň taýarlanan karar taslamasynyň kabul edilip bilinmejekdigini nygtaýar.

Russiýanyň Daşary işler ministri Sergeý Lawrow bolsa, BMG-nyň Siriýa boýunça ýörite wekili Steffan de Misturanyň Halapdan Al Nusranyň agzalarynyň göçürilmegi üçin “ben ýolbeletlik edip bilerin” diýen beýanatyna goldaw berjekdiklerini aýtdy.

BMG-nyň Howpsyzlyk geňeşini Siriýa meselesini ara alyp maslahatlaşmak üçin jemlenişdi.

Emma metbugata ýapyk ýagdaýda geçen maslahatda kabul edilen kararlar hakynda maglumat berilmedi.

 



Degişli Habarlar