Ençeme adamyň ýogalmagyna sebäp bolan metýuw tupany ABŞ tarap ýol aldy

Sebitdäki 2 million adamyň howpsyz ýerlere göçmegi islendi

584569
Ençeme adamyň ýogalmagyna sebäp bolan metýuw tupany ABŞ tarap ýol aldy

Kubada, Dominikan Respublikasynda we Gaitide 339 adamyň ýogalmagyna sebäp bolan metýuw tupany indi bolsa ABŞ-nyň günorta-gündogar kenarlaryna tarap süýşip barýar.

Florida, Jorjia, Günorta we Demirgazyk Karolina ştatlarynda tupana garşy taýarlyk görülýär.

Soňky 10 ýylyň iň güýçli tupany bolan metýuw tupanyň tizligi sagatda 115 km çenli baryp ýetýär.

Amerikanyň 4 ştatynda adatdan daşary ýagdaý yglan edildi.

Sebitdäki 2 million adamyň howpsyz ýerlere göçmegi islendi.

Müňlerçe adam öýlerini gum doldurylan haltalar bilen goramaga synanyşýar.



Degişli Habarlar