Ysraýyl Palestinadaky musulmanlaryň metjide girmegini gadagan etdi

Halil şäherindäki Ibrahim metjidi Palestinanyň gadymy 4-nji metjidi hökmünde bilinýär

581633
Ysraýyl Palestinadaky musulmanlaryň metjide girmegini gadagan etdi

Palestinanyň Al Halil şäherindäki Ibrahim metjidine 6 günüň dowmynda ýehudi baýramçylygynyň geçiriljekdigi sebäpli musulmanlaryň girmegi gadagan edildi.

Ibrahim metjidiniň müdüri Hyfzi Abu Sinine “Ysraýylly ýolbaşçylar ýehudi baýramy mynasibetli üstümizdäki aý 6 günüň dowamynda İbrahim metjidine musulmanlaryň girmeginiň gadagan edilendigini mälim etdi”diýdi.

Abu Sinine “Bu metjit diňe musulmanlara degişli. Ýehudileriň hiç hili hak-hukugy ýok. Metjidiň musulmanlara ýapylmagy we ýehidulere açylmagy dini duýgularyň kemsidilýändiginiň görkezijisidir” diýdi.

Al Halil şäherindäki Ibrahim metjidi Palestinanyň gadymy 4-nji metjidi hökmünde bilinýär.

 

 


Etiketkalar: #metjit , #gadagan , #Palestina

Degişli Habarlar