ABŞ bilen Russiýanyň arasyndaky Siriýada gepleşikleri saklandy

ABŞ bilen Russiýa gepleşikleriň saklanmagynda biri-birini günäkärleýär

582306
ABŞ bilen Russiýanyň arasyndaky Siriýada gepleşikleri saklandy

ABŞ Russiýa bilen Siriýada çaknyşyklaryň bes edilmegi maksady bilen geçirilýän gepleşikleriň saklanandygyny mälim etdi.

ABŞ-nyň Döwlet sekretarlygynyň metbugat geňeşçisi Jon Körbi, Russiýanyň goldawyny alýan Siriýanyň hökümetiniň berlen ähli duýduryşlara garamazdan asuda ilata garşy hüjümlerini dowam etdirýändigi we beren sözünde durmandygy sebäpli şeýle kararyň kabul edilendigini aýtdy.

Körbi Siriýadaky radikal toparlara garşy operasiýa başladandyklaryny belledi.

Russiýanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat geňeşçisi Mariýa Zaharowa hem Körbiniň garaýyşlaryna jogap bermekde gijä galmady.

Zaharowa Siriýada çaknyşyklaryň bes edilmegi üçin Amerikan hökümeti bilen 9 maddalyk ylalaşyk tekstiniň taýarlanandygyny emma ABŞ-nyň beren sözünde durmandygyny aýtdy.

Russiýanyň Daşary işler ministri Sergeý Lawrow hem ozal beren beýanatynda ABŞ bilen Siriýa meselesinde gazanylan ylalaşygyň Waşingtonyň tutumyndaky näbellilik sebäpli saklanandygyny aýdypdyr.



Degişli Habarlar