Eýran ABŞ-na degişli uçarmansyz howa ulagynyň meňzeşini ýasandygyny öňe sürýär

Eýran 5 ýyl ozal od açylyp ýere gaçyrylan ABŞ-na degişli uçarmansyz howa ulagynyň meňzeşini ýasandygyny öňe sürdi

581163
Eýran ABŞ-na degişli uçarmansyz howa ulagynyň meňzeşini ýasandygyny öňe sürýär

Eýranyň metbugat gullugy ýasalan uçarmansyz howa ulagynyň bomba daşap bilýändigini habar berdi.

Eýranyň aýtmagyna görä ýasalan täze uçarmansyz howa ulagy 2011-nji ýylyň dekabr aýynda urulyp ýere gaçyrylan Amerikan RQ-170 kysymly ABŞ-nyň howa ulagynyň meňzeşi.

Eýranyň Ynkylap goragçylar tarapyndan ýaslan ulaga Ýyldyrym diýip at berildi.

Eýranyň telewideniýesi Ýyldyrymyň bellenen nyşanalary doly we dogry ýok edýändigini mälim etdi.

2011-nji ýylda Eýran tarapyndan ýere gaçyrylan Amerikan uçarmansyz howa ulagynyň bölekleri eýranly resmiler tarapyndan derňelmek üçin ýygnalypdy.

Beýleki tarapdan bolsa Eýranyň habarlar gulluklary ýene-de bir Amerikan uçarmansyz howa ulagynyň ýere gaçyrylandygyny öňe sürdi we suratlaryny çap etdi.



Degişli Habarlar