Bikanun ýollardan Gresiýa gitmäge synanşan 196 gaçgak bosgun tussag edildi

Daşary ýurda gitmäge synanşan gaçgaklar tussag edildi

580796
Bikanun ýollardan Gresiýa gitmäge synanşan 196 gaçgak bosgun tussag edildi

Egeý deňzinde bikanun ýollardan Gresiýa gitmäge synanşan 196 gaçgak bosgun tussag edildi.

Kenarýaka howpsyzlyk güýçleri Izmiriň Çeşme etrabynda bikanun ýollardan daşary ýurda gitmäge synanşan 80 adamyň bardygyny anyklady.

Çişirlen gaýyklar bilen daşary ýurda gitmäge synanşan gaçgaklar tussag edildi.

Kenarýaka howpsyzlyk güýçleri şol etrapda geçiren barlag işleriniň çäginde bikanun ýollardan daşary ýurda gitmäge synanşan daşary ýurtly ýene-de 48 adamy tussag etdi.

Dikuçarlar bilen geçirlen barlag işleriniň çäginde hem Kuşadasy aýlagynda esasy bölegi owganystanly we eýranly 48 adam tussag edildi.

Edirnede hem Žandarm serkerdeligi Kapykule gümrük geçelgesiniň golaýynda daşary ýurtly konteýner bilen bikanun ýollardan Gresiýa gitmäge synanşan esasy bölegi çagalardan we zenanlardan ybarat owganystanly 13 adamy tussag etdi.

 

 



Degişli Habarlar