“Russiýa we Türkiýe Siriýada bilelikde hereket edip biler”

Russiýanyň Daşary işler ministri Sergeý Lawrow Türkiýe bilen Siriýada bilelikde hereket edip biljekdiklerini mälim etdi

579439
“Russiýa we Türkiýe Siriýada bilelikde hereket edip biler”

Paýtagt Moskwada beýanat beren Sergeý Lawrow mundan başgada Siriýa meselesinde Türkiýe bilen konstruktiw hyzmatdaşlyk edýändiklerini habar berdi.

Sergeý Lawrowdan soň Russiýanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat geňeşçisi Maria Zaharowa hem şol babatda beýanat berdi.

Zaharowa Türkiýe bilen Siriýa meselesinde hyzmatdaşlygyň konstruktiw boljakdygyny görýändiklerini, bilelikde hereket etmek mümkinçiliginiň bardygyny nygtady.

Rus tarapynyň bu beýanatlaryň ABŞ-nyň resmi Moskwa bilen Siriýa meselesinde geçirýän gepleşiklerimizi goý bolsun edip bileris diýilen beýanatdan soň berilmegi köpleriň ünsini çekdi.

ABŞ Russiýanyň Halapdaky hüjümlerini bes etmedik ýagdaýynda ähli gepleşikleriň goý bolsun edilip bilinjekdigi barada duýduryş beripdi. Russiýa bolsa öz tarapyndan howp salmak we şantaž etmek syýasatynyň kabul edilip bilinjek zat däldigini belläpdi.



Degişli Habarlar