“Siriýada parahatçylygyň ýola goýulmagy jogapkärçiligi Russiýanyň egninde”

Russiýanyň Asada tabynlykdaky güýçlerip hüjümlerine göz ýumýandygy bellenýän beýannamada Russiýanyň bu pozisiýasynyň Siriýadaky diplomatik gepleşiklere goldaw berýändigi baradaky sözlerine ters gelýändigi nygtalýar

576570
“Siriýada parahatçylygyň ýola goýulmagy jogapkärçiligi Russiýanyň egninde”

ABŞ-nyň, Fransiýanyň, Italiýanyň, Germaniýanyň we Britaniýanyň Daşary işler ministrleri we Ýewropa Bileleşiginiň Ýokary wekilliýeti umumy beýanamma çap edip Siriýada parahatçylygyň ýola goýulmagy jogapkärçiliginiň Russiýanyň egnindedigini mälim etdiler.

Umumy beýannamada bu hepde Siriýada guralan howa hüjümlerinden soň Siriýadaky diplomtik gepleşikleriň ýaňadandan başlanmagynyň jogapkärçiliginiň Russiýadadygy habar berilýär.

Beýannamada şeýle hem Siriýada ynsanperwer ýük ulaglaryna howa hüjüminiň guralmagy we Asada bagly güýçleriň himiki ýaraglary ulanandygy baradaky habarlara ýer berilýär.

Russiýanyň Asada tabynlykdaky güýçleriğ hüjümlerine göz ýumýandygy bellenýän beýannamada Russiýanyň bu pozisiýasynyň Siriýadaky diplomatik gepleşiklere goldaw berýändigi baradaky sözlerine ters gelýändigi nygtalýar.

Russiýanyň hüjümlerini DAEŞ-e garşy guramaldygy aýdylýan beýannamada Siriýada BMG tarapyndan bellenen sebitlere ynsanperwer kömekleriň ýetirilmegi üçin gerek bolan çäreleriň alynmagynyň möhümdigi beýan edilýär.



Degişli Habarlar