Ýemen dartgynly bolmagynda galýar
Ýüze çykan soňky çaknyşyklarda ýogalan esgerleriň sany 5-e ýetdi

Saud Arabystany bilen Şaýy Husleriň arasynda ýüze çykan soňky çaknyşyklarda ýogalan esgerleriň sany 5-e ýetdi.
Saud Arabystanynyň Ahbariýýe 24 gezedi Saud Arabystany-Ýemen serhedindäki Nejran şäherinde saudly bir kakanyň 1 ýylyň içinde eýýäm 2-nji oglunyň çaknyşyklarda wepat bolandygyny habar berýär.
Saud Arabystany güýçleri bilen Husileriň arasynda ýurduň Ýemen serhedinde düýn ýüze çykan çaknyşykda 3 esgeriň ýogalandygy mälim edilipdi.
Husileriň gözegçiligi astyndaky SABA habarlar gullugy bolsa halkara hyzmatdaş güýçleriň Husiler tarapyndan basylyp alynan Sade welaýatyna 15 howa hüjümini gurandyklaryny öňe sürdi.
Degişli Habarlar

ABŞ-da mekdepde ýaragly hüjüm guraldy
Polisiýa gullugy hüjümçiniň täsirsiz ýagdaýa getirilendigini habar berdi

Ispaniýadaky tokaý ýangynlary dowam edýär
Pedro Sançes ýangyn sebäpli zyýan çeken adamlara her dürli goldawyň beriljekdigi barada söz berdi