“Türkiýe bilen gazanylan bosgun ylalaşygy iki ýurt üçin hem bähbitli”

Germaniýanyň Federal Kansleri Angela Merkel Türkiýe bilen gazanylan bosgun ylalaşygynyň iki ýurt üçin hem bähbitli boljakdygyny belledi

567190
“Türkiýe bilen gazanylan bosgun ylalaşygy iki ýurt üçin hem bähbitli”

Merkel Bosgunlar üçin has köp tagalla edilmelidigini nygtady.

Germaniýanyň Federal Kansleri Angela Merkel hökümetiň bosgun krizisiniň hötdesinden gelip bilmeýändigi baradaky aýyplamalary ret etdi.

Merkel mejlisde eden çykyşynda ýagdaýyň 1 ýyl ozala garanyňda has gowydygyny, emma entek köp işleriň edilmelidigini belledi.

Federal hökümetiň içerki howpsyzlyk ugrunda goşmaça çäreler görjekdigini aýdan Angela Merkel: “Howpsyzlygyň üpjün edilmegi üçin elden gelen ähli zadyň edilmegini islemegiň halkyň hukugydyr” diýdi.

Türkiýe bilen bosgunlar babatynda gazanylan Yzyna kabul etmek ylalaşygynyň üstünde durup geçen Merkel ylalaşygyň iki ýurt üçin bähbitlidigini we şol wagtdan bäri Egeý deňizinde ýitgi ýaşanmandygyny habar berdi.

Ylalaşygyň Müsür, Tunis we ondan soň Liwiýa nusga bolup biljekdigini nygatn Federal Kansler Angela Merkel Türkiýe bilen baglanşykly: “Adam hukuklary kemsidilse, adyny goýarys. Harby agdarlyşyk şowsyz bolsa, şowsyz bolmagy gowy boldy diýeris” diýip mälim etdi.



Degişli Habarlar