"FETÖ/PDÝ-nyň 15-nji iýuldaky agdarlyşyk synanşygy Türkiýe üçin howply"

Ştanymaýer 15-nji iýuldaky agdarlyşyk synanşygy hakynda “Hakykatdan hem agdarlyşyk synanşygy diýseň howplydy” diýdi

561864
"FETÖ/PDÝ-nyň 15-nji iýuldaky agdarlyşyk synanşygy Türkiýe üçin howply"

Germaniýanyň Daşary işler ministri Frenk Walter Ştanymaýer Fetullahçy terror guramasy-Parallel döwlet ulgamy FETÖ/PDÝ-nyň 15-nji iýuldaky agdarlyşyk synanşygynyň Türkiýe üçin howplydygyny aýtdy.

Ştanymaýer Germaniýanyň ARD kanalyna Türkiýedäki agdarlyşyk synanşygy, Germaniýa bilen Türkiýäniň arasyndaky gatnaşyklar we Siriýa krizisi hakynda beýanat berdi.

Ştanymaýer 15-nji iýuldaky agdarlyşyk synanşygy hakynda “Hakykatdan hem agdarlyşyk synanşygy diýseň howplydy” diýdi.

Germaniýanyň Daşary işler ministri Siriýa meselesinde Türkiýe bilen tapawutly garaýyşlara eýediklerine garamazdan Siriýa meselesiniň Türkiýesiz çözülip bilinmejekdigini nygtady.

 

 



Degişli Habarlar