Hytaýda ABŞ-na degişli uçar ýere gaçdy

Hadysada 1 adam ýogaldy

560679
Hytaýda ABŞ-na degişli uçar ýere gaçdy

Hytaýyň demirgazygyndaky Gansu welaýatynyň Danşia howa menzilinde geçirilen tälim uçuşlarynda ABŞ-na degişli tälim uçary ýere gaçdy.

Golaýdaky Gobi çölüne gaçan uçaryň günorta afrikaly uçarmany wakada ýogaldy.

ABŞ uçar heläkçiliginden soň ähli uçuşlaryny goý bolsun etdi, waka bilen baglanşykly derňew işi geçirilmäge başlandy.

Hytaýyň Gansu welaýatynda anna güni başlan tälim uçuşlar şu gün öz işini tamamlar.



Degişli Habarlar