Kabuldaky Amerikan uniwersitetine hüjüm guraldy

Hüjümde 7-si talyp 13 adam ýogaldy

558905
Kabuldaky Amerikan uniwersitetine hüjüm guraldy

 

Owganystanyň paýtagty Kabulda Amerikan uniwersitetine guralan hüjümde 7-si talyp 13 adam ýogaldy, 44 adam ýaralandy.

Hüjümçiler ilki bomba ýüklenen ulagy uniwersitetiň golaýynda ýardy soň bolsa uniwersitete ot açdy.

Uniwersitete guralan hüjüm sebäpli 750-ä golaý talyp uly howpy başdan geçirdi.

Owgan howpsyzlyk güýçleri uniwersiteti hüjümçilerden saplamak üçin operasiýa gurady.

Operasiýa owgan howpsyzlyk güýçleri hem goldaw berdi.

Hüjümiň jogapkärçiligini heniz öz üstüne alan bolmady.



Degişli Habarlar