Müsüriň Prezidenti Türkiýe bilen baglanşykly beýanat berdi

Müsüriň Prezidenti Andufettah As-Sisi müsürliler bilen türkleriň arasynda duşmanlyga sebäp boljak hiç hili ýagdaýyň ýokdugyny nygtady

556597
Müsüriň Prezidenti Türkiýe bilen baglanşykly beýanat berdi

Sisi Müsüriň resmi gazetleri diýip bilinýän Al Ahram, Ahbar we Prezidentiň ýaýlym boýunça resmileri bilen geçiren söhbetdeşliginde Türkiýäniň Premýer ministri Binali Ýyldyrymyň Müsür bilen gatnaşyklarymyzy ösdürmek isleýändikleri bilen baglanşykly beren beýanatyna jogap berip: “Müsürlileriň we türkleriň arasynda duşmanlyga sebäp boljak hiç hili ýagdaý ýok. Biz Müsür syýasatyny gözden geçirmekleri üçin Türkiýäniň ýolbaşçylaryna gerek bolan wagty berýäris” diýdi.

Sisi Afrikada fransuz dilinde çap edilýän žurnallara beren beýanatynda: “Türkiýä garşy duşmançylykly beýanat bermedik” diýip habar berdi.

Premýer ministr Binali Ýyldyrym şenbe güni irden aralarynda ABŞ, Britaniýa, Germaniýa, Fransiýa, Hytaý, Ýaponiýa we Katar ýaly ýurtlarda ýaýlym berýän agentlikleriň, telewideniýeleriň we gazetleriň wekilleri bilen geçiren duşuşygynda: “Müsür bilen gatnaşyklarymyzy ösdürmek isleýäris. Islegimizi hem beýan etdik. Şol çäkde özgertmek isleýäris. Biz agdarlyşyk bolmandygyny hasap edeliň, gatnaşyklarymyzy ösdüreliň diýen pikirde däl. Işiň adyny dakdyk. Ortada agdarlyşyk bar. Müsüriň hökümeti hem biz agdarlyşykçy däl diýýän bolsa, ony bütin dünýä düşündirsinler. Dünýäden ozal bolsa öz halkyna düşündirsinler. Bu zatlaryň ählisine garamazdan Müsür bilen ykdysady, medeni gatnaşyklarymyzy, Ortaýer deňizini ulanýan iki ýurt hökmünde gatnaşyklarymyzy ösdürmegiň zerurdygyny pikir edýäris. Şol babatda oňaýly garaýyşa eýediris” diýip belläpdi.



Degişli Habarlar