Hasekede 16-njy awgustdan bäri çaknyşyklar dowam edýär

Hüjümler sebäpli müňlerçe adam howpsyz ýerlere göçýär

555588
Hasekede 16-njy awgustdan bäri çaknyşyklar dowam edýär

Siriýanyň Türkiýe serhedindäki Haseke welaýatynda Başar Asada tabynlykdaky güýçler bilen terror guramasy PKK-nyň Siriýadaky bölümi PÝD-niň arasyndaky çaknyşyklarda asuda ilatdan 16 adam bilen onlarça terrorçy ýogaldy.

Hasekede 16-njy awgustdan bäri çaknyşyklar dowam edýär.

PÝD-ly terrorçylaryň ýangyç merkezini nyşana alan hüjümlerde 20-den gowrak terrorçy ýogaldy.

Hüjümler sebäpli müňlerçe adam howpsyz ýerlere göçýär.

Beýleki tarapdan ABŞ-nyň Goranmak ministrligi Pentagon Siriýada Asada tabynlykdaky güýçlere degişli harby uçarlaryň Hasekede PDÝ-niň gözegçiligi astyndaky ýerleri bombalamagy sebäpli hyzmatdaş güýçlerini goramak üçin harby uçar ugradylandygyny mälim etdi.

 



Degişli Habarlar