" Türkiýe bilen edilýän gatnaşyklaryň ähli taraplaýyn ösdürilmegi üçin tagalla edýäris"

Putin,Prezident Erdogan bilen bolan duşuşygy we Russiýa-Türkiýe gatnaşyklary hakynda maglumat berdi

553120
" Türkiýe bilen edilýän gatnaşyklaryň ähli taraplaýyn ösdürilmegi üçin tagalla edýäris"

Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin dost ýurt Türkiýe bilen edilýän gatnaşyklaryň ähli taraplaýyn ösdürilmegi üçin tagalla edýändiklerini aýtdy.

Gazagystanyň Prezidenti Nursoltan Nazarbaýew bilen Soçide bolan duşuşygyndan soň metbugata beýanat beren Putin, Prezident R. T. Erdogan bilen bolan duşuşygy we Russiýa-Türkiýe gatnaşyklary hakynda maglumat berdi.

Putin “Biz dostumyz we uzak ýyllardan bäri ýakyndan hyzmatdaşlyk edýän ýurdumyz Türkiýe bilen gatnaşyklaryň ähli taraplaýyn ýaňadandan başlamagy üçin uly tagalla edýäris. Prezident Erdoganyň Russiýa guran soňky sapary iki taraply gatnaşyklary diňe kadalaşdyrmak üçin dal eýsem pugtalandyrmak üçin hem tagalla edýändigimizi görkezdi” diýip belledi.

Russiýanyň Prezidenti Putin Nazarbaýewe Türkiýe-Russiýa gatnaşyklarynyň kadalaşmagy üçin eden tagallasy sebäpli öz minnetdarlygyny bildirdi.

Gazagystanyň Prezidenti Nazarbaýew hem Türkiýe bilen Russiýanyň arasyndaky gatnaşyklaryň kadalaşmagyndan hoşaldygyny belledi.

 

 



Degişli Habarlar