Russiýa Siriýanyň Halap şäherinde hüjümleri belli möhletde bes eder

Russiýanyň Goranmak ministrligi Halapda 11-nji awgustdan başlap hüjümleriň günde 3 sagat bes ediljekdigini habar berdi

549622
Russiýa Siriýanyň Halap şäherinde hüjümleri belli möhletde bes eder

Baş ştabyň başlygy Sergeý Rudskoý Halapda ýerli wagt boýunça 10:00-13:00 aralygynda howadan we gury ýerden hüjümleriň bes ediljekdigini beýan etdi.

Rudskoý şol sagatlarda ynsanperwer kömek ulaglarynyň şähere gelip biljekdigini aýtdy.

BMG bolsa möhletiň ýeterlik bolmandygyny baýan edýär.

BMG-niň Ynsanperwer işlerden we Gyssagly kömekden jogapkär utgaşdyryjysy Stefan Obraýn Russiýanyň günde üç sagatdan hepdede 21 sagatlyk möhletiň ynsanperwer kömeginiň paýlanmagy üçin ýeterlik bolmandygyny aýtdy.

Obraýn “İslegleriň kanagatlandyrylmagy üçin 2 liniýa we ýeterlik ulag kabul etmek üçin 48 sagat gerek bolar” diýdi.

Obraýn Halapda 2 million adamyň öýünde 4 günden bäri suw akmaýandygyny we uruşdan ýadan şäherde agyr saglyk howpynyň bardygyny ýatladypdy.

ABŞ bolsa Russiýanyň HAlaba ynsanperwer kömeginiň ýetirilmegi üçin günde 3 sagat hüjümleri bes etmek baradaky teklibine kanagatlanma bildiripdi.



Degişli Habarlar