Güleniň yzyna berilmegi üçin başladylan kampaniýa gol goýanlaryň sany 100 müňe ýetip gelýär

Fetullahçy terror guramasynyň ýolbaşçysy Fetullah Güleniň Türkiýä gaýtarylyp berilmegi üçin Ak Tamyň resmi internet saýtynda başladylan kampaniýa gol goýanlaryň sany 94 müň adama ýetdi

544820
Güleniň yzyna berilmegi üçin başladylan kampaniýa gol goýanlaryň sany 100 müňe ýetip gelýär

Ak Tamyň jogap bermegi üçin ýene-de takmynan 6 müň adamyň gol çekmegine garaşylýar.

ABŞ-da ýaşaýan türkler Fetullahçy terror guramasynyň ýolbaşçysy Güleniň Türkiýe yzyna tabşyrylmagy üçin başladan kampaniýa 16-njy awgustda tamam bolar.

Kampaniýanyň tekstinde “15-nji iýul güni Türkiýäniň demokratik ýagdaýda saýlanan hökümetini agdarmak üçin synanşyk edildi. Şol günden bäri synanşygyň jogapkäriniň Fetullah Gülen we onuň FETÖ terror guramasyna hyzmat edýän kiçi harby topardygy ýüze çykdy. Türkiýe biziň Ýakyn Gündogardaky esasy hyzmatdaşymyzdyr. Gülen bolsa Türkiýedäki hyzmatdaşlarymyz tarapyndan terrorçy hökmünde yglan edildi. Dostlarymyz türk halkynyň tutanýerli tutumy netijesinde Türkiýedäki agdarlyşyk synanşygynyň öňü alyndy. ABŞ hökmünde demokratik ýagdaýda saýlanan ýolbaşçylar we hökümetler bilen işleşmegi üçin Prezidentimizi we hökümetimizi razy etmek üçin maňa kömek bermegiňizi haýyşt edýärin. Hökümetimiziň Fetullah Güleni Türkiýä yzyna bermegini isleýärin”diýildi.

Ak Tamyň internet saýtyndaky “arza” bölüminden "petitions.whitehouse.gov"  salgysyndan kampaniýa goldaw berip bilersiniz.

Gol goýanlaryň sany 100 müňe ýetende Ak Tam arza jogap bermäge mejbur bolýar. 



Degişli Habarlar