Şwesiýa FETÖ/PDÝ-nyň agdarlyşyk synanşygy bilen arabaglanşykly adamlary Türkiýä yzyna bermeýär

“Türkiýedäki ýagdaý bilen arabaglanşykly has köp maglumat gerek”

544279
Şwesiýa FETÖ/PDÝ-nyň  agdarlyşyk synanşygy bilen arabaglanşykly adamlary Türkiýä yzyna bermeýär

Şwesiýa, Fetullahçy terror guramasy-Paralel döwlet ulgamy FETÖ/PDÝ-nyň 15-nji iýuldaky agdarlyşyk synanşygy bilen arabaglanşykly adamlary başpenalyk ýüz tutmalarynyň kabul edilmändigine garamazdan Türkiýä yzyna bermejekdigini mälim etdi.

Assoşeýted Pressiň habaryna görä, başpenalyk ýüz tutmalaryny kabul edýän Migrationswerket guramasy ady agzalýan adamlary “oppozisionerleriň lideri Fetullah Güleniň tarapdarlary” hökmünde häsiýetlendirdi.

Migrationswerket yzyna berilmejek adamlaryň sany hakynda maglumat bermedi.

Migrationswerket tarapyndan berlen beýanatda “Türkiýedäki ýagdaý bilen arabaglanşykly has köp maglumat gerek” diýildi.

Habarda Migrationswerketiň başpenalyk üçin ýüz tutanlaryň yzyna berilmezligi hakyndaky karary agdarlyşyk synanşygyndan 3 gün soň kabul edendigi emma şu gün halkara ýetirendigi nygtaldy.

 



Degişli Habarlar