Britaniýanyň ilçisi Içeri işler müdürine gynanç bildirdi

Britaniýanyň Türkiýedäki Adatdan daşar we doly ygtyýarly Baş ilçisi Riçard Mur Türkiýäniň Içeri işler müdüri Jelalettin Lekesize 15-nji iýuldaky harby agdarlyşyk synanyşygynda şehit bolan Içeri işler müdürliginiň işgärleri üçin gynanç bildirdi

541565
Britaniýanyň ilçisi Içeri işler müdürine gynanç bildirdi

Alynan maglumata görä Baş ilçi Riçard Mur Fetullahçy terror guramasy Paralel döwlet ulgamynyň (FETÖ/PDÝ) 15-nji iýuldaky harby agdarlyşyk synanyşygyny iňlis hökümetiniň we özüniň ýazgarandygyny we agdarlyşyk synanyşygyndan soň, Türkiýä sapar guran ilkinji daşary ýurtly resminiň Britaniýanyň Amerikadan we Ýewropadan jogapkär Daşary işler ministriniň orunbasary Alan Dunkan bolandygyny mälim etdi.

Britaniýanyň hemişe Türkiýede demokratik guramalara goldaw berendigini bellän Mur terrorçylykly wakalarda türk polisiýa işgärleriniň görkezen edermenliklerini öwüp, agdarlyşyk synanyşygyndan soň, Fethiýe we Marmaris etraplarynda polisiýa işgärleriniň syýahatçylaryň howpsyzlygyny üpjün etmek üçin görkezýän ünslüligine örän hoşal bolandygyny habar berdi.



Degişli Habarlar