Ýaponiýaly resmiler Ýaponiýa gaçyp baran türk resmisi barada beýanat berdiler

Ýaponiýa Fetullahçy terror guramasy Paralel döwlet ulgamy bilen baglanşykly geçirilýän derňew işi sebäpli Ýaponiýa gaçyp baran Türkiýäniň Kazandaky konsullygynda işlän resmi barada Ýaponiýanyň içerki hukugyna görä hereket ediljekdigini mälim etdi

539689
Ýaponiýaly resmiler Ýaponiýa gaçyp baran türk resmisi barada beýanat berdiler

Ýaponiýanyň Ankaradaky ilçihanasynyň resmileri: “Türkiýäniň Tatarystan Respublikasynyň paýtagty Kazandaky konsullugynda işlän türk raýatyň Ýaponiýa gaçyp barandygyny we Türkiýäniň resmileriniň şol sebäpli Ýaponiýanyň resmileri bilen aragatnaşyga geçendigini tassyklaýarys. Ýaponiýanyň hökümeti şol meseläni iň gowy şertlerde, içerki hukugyň çäginde garar” diýip mälim etdiler.

Türkiýäniň Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly Gölbaşy ýöriteleşdirilen harby bölüme baranyndan soň, metbugat işgärlerine FETÖ terror guramasy bilen baglanşykly başladylan derňew işi sebäpli Türkiýäniň Tatarystan Respublikasynyň paýtagty Kazandaky konsullygynda işlän türk resmisiniň Ýaponiýa gaçandygyny habar beripdi.



Degişli Habarlar