Güleniň gaýtarlyp berilmegi üçin Ak Tamyň internet saýtynda kampaniýa başladyldy

Kampaniýa gol goýanlaryň sany 72 müňden geçdi

538356
Güleniň gaýtarlyp berilmegi üçin Ak Tamyň internet saýtynda kampaniýa başladyldy

15-nji iýuldaky harby agdarlyşygyň jogapkäri Fetullahçy terror guramasy-paralel döwlet ulgamy FETÖ/PDÝ-niň ýolbaşçysy Fetullah Güleniň Türkiýä gaýtarlyp berilmegi meselesi gün tertibinde esasy orun eýeleýär.

Güleniň gaýtarlyp berilmegi üçin Ak Tamyň internet saýtynda başlandan kampaniýa gol goýanlaryň sany 72 müňden geçdi.

Synanşygyň ýurtda demokratik ýagdaýda saýlanan hökümeti agdarmagy maksat edinendigi nygtalan tekstde şeýle diýildi: “Hökümetimiziň ýagny ABŞ-nyň Fetullah Gülene howandarlyk etmekden el çekmegini we ony Türkiýä gaýtaryp bermegini isleýärin”

Ak Tamyň internet saýtyna göra, ýolbaşyçardan resmi jogap almaklary üçin başladylan kampaniýa gol goýjaklaryň sanynyň 16-njy awgusta çenli 100 müňe ýetmegine garaşylýar.

 



Degişli Habarlar