FETÖ/PDÝ-niň agdarlyşyk synanşygyna daşary ýurtlardaky türkler uly garşylyk görkezýär

“Fetullah Gülen Ben Ladinden has howply”

538461
FETÖ/PDÝ-niň  agdarlyşyk synanşygyna daşary ýurtlardaky türkler uly garşylyk görkezýär

Fetullahçy terror guramasy-paralel döwlet ulgamy FETÖ/PDÝ-niň 15-nji iýuldaky agdarlyşyk synanşygyna daşary ýurtlardaky türkler uly garşylyk görkezýär.

Belgiýadaky türk jemgyýetçilik guramasy FETÖ-niň harby agdarlyşyk synanşygyna garşylyk görkezmek üçin Türkiýäniň Brýusseldäki ilçihanasynyň öňünde jemlenişdi.

Belgiýadaky türkleriň ýörişi şehitler üçin hormatly dymyşlyk edilmegi we garaşsyzlyk mukamynyň ýerine ýetirilmegi bilen başlady.

Ýörişde “Ýewropada FETÖ-niň işleriniň gadagan edilmegini isleýäris”, “Fetullah Gülen Ben Ladinden has howply”, “Dostlarymyzy, hyzmatdaşlarymyzy Türkiýäniň ýanynda görmek isleýäris,” “Ýok bolsun agdarlyşyk” diýlen şygarlar aýdyldy.

Germaniýanyň Keln şäherinde hem agdarlyşyk synanşygyna garşy ýekşenbe güni 31-nji iýulda “Agdarlyşyga garşy demokratiýa mitingi” geçirler.

Ýewropaly türk demokratlar bileleliginiň başlygy Zafer Sarykaýa ýörile Ýewropadaky jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleriniň gatnaşjakdygyny nygtady.

 

 



Degişli Habarlar