ABŞ-da polisiýa gullugynyň 3 işgäri öldürildi
Amerikanyň Luiziana ştatynyň Baton Rouge şäherinde ýaragly hüjümçileriň ot açmagy netijesinde polisiýa gullugynyň 3 işgäri ýogaldy
531362
Hüjüm şäheriň Içeri işler müdürliginiň 1 km uzaklygynda guraldy.
Ýaragly adamlaryň tüpeňleri bilen polisiýa işgärlerine ot açmagy neijesinde şeýle hem 3 polisiýa işgäri ýaralandy. Ýüze çykan çaknyşykda bolsa 1 hüjümçi öldürildi.
Başga hüjümçileriň bolmak ähtimallygy sebäpli polisiýa gullugy operasiýa başlatdy.