Fransiýanyň Nissa şäherinde uly gyrgynçylyk

Wakada 84-den gowrak adam ýogaldy

529676
Fransiýanyň Nissa şäherinde uly gyrgynçylyk
fransa saldırı2.jpg
fransa saldırı1.jpg
fransa saldırı2.jpg
fransa saldırı1.jpg
fransa saldırı2.jpg

Fransiýanyň günortasyndaky Nissa şäherinde 14-nji iýul Milli baýram mynasybetli geçirilen dabarada uly gyrgynçylyk edildi.

Dabaranyň geçirilýän köçesinde bir adam ýük ulagyny adamlaryň üstüne sürdi we adamlara ot açdy. Wakada 84-den gowrak adam ýogaldy.

Ýogalanlaryň aglabasy 90 km tizlik bilen gelen 15 metr uzynlygyndaky ýük ulagynyň kakmagy we aşagynda galmagy netijesinde ýogaldy.

Hüjümde şeýle hem 47-siniň ýagdaýy agyr bolan 100-e golaý adam ýaralandy.

Howpsyzlyk güýçleri ot açan sürüjini täsirsiz ýagdaýa getirdi.

Başgada hüjümçileriň bolup biljekligi sebäpli operasiýa başladyldy.

Ýük ulagynyň içinde köp mukdarda ýarag we ok-däriniň bolandygy anyklandy.

Waka şäheriň ýaşaýjylarynda we bütin Fransiýada howsala döretdi.

Wakanyň bolan ýerininiň golaýyndaky adamlar kafelerde we restoranlarda kyn ýagdaýda galdy.

Polisiýa gullugynyň işgärleri şäheriň ýaşaýjylaryna öýlerinden çykmazlygy üçin çagyryş berdi.

Hüjüm bilen baglanşykly derňew işini Terrora garşy göreş bölüminiň işgärleri öz üstüne aldy.

Hüjümçiniň şahsyýeti ýük ulagynyň içinde tapylan resminamalardan anyklandy.

Nissanyň metbugaty terrorçynyň adynyň Mohamed Lahouaiež Bouhleldigini mälim etdi

31 ýaşly asly tunisli bolan hüjümçi Nissa şäherinde ýaşandygy we kiçiräk jenaýat işleri sebäpli özüne garşy birnäçe gezek kazyýet işiniň gozgalandygy habar berildi.

Emma Fransiýanyň Razwedka gullugy tarapyndan bellige alynan we aşa dinçilerden ybarat bolan 10 müň adamlyk sanawda Bauhlel familiýasyna gabat gelinenok.

Fransiýanyň Prezidenti Fransua Olland hüjümden soň Awignondaky dynç alyşlygyny goý bolsun edip, paýtagt Pariže gaýdyp bardy we Premýer ministr Manuel Walls we ministrler kabinetiniň agzalary bilen duşuşdy.

Ondan soň Ýeliseý köşgünden fransuz halkyna ýüzlenen Olland Fransiýanyň ýene-de bir gezek gorky bilen ýüz-ýüze gelendigini belläp, bütin Fransiýanyň terror howpynyň astyndadygyny mälim etdi.

Hüjümiň Fransiýanyň Milli baýramynda ýagny 14-nji iýulda guralandygyna ünsleri çeken Olland hüjümçiniň öldürilendigini nygtap, ähli resmileriň waka bilen baglanşykly iş alyp barýandygyny we adatdan daşary ýagdaý meýilnamasynyň ýola goýlandygyny habar berdi.

Frasua Olland 26-njy iýulda tamam bolmagyna garaşylan adatdan daşary ýagdaýyň ýene-de 3 aý uzaldylandygyny mälim etdi.

Fransiýanyň Premýer ministri Manuel Walls terrorçylykly hüjümden soň ilkinji gezek çykyş etdi.

“Fransiýa terror bilen ýaşamaly boljak, jebis bolmalydyrys” diýen Walls: “Üç günlük milli ýas yglan etdik. Munyň hem hötdesinden geleris. Terrora boýun bomarys” diýdi.



Degişli Habarlar