Hytaý ABŞ-na çagyryş berdi

Hytaýyň Daşary işler ministri Wang Ýi ABŞ-na Hytaýyň sebitleýin özygtyýarlygyna we howpsyzlygyna garşy hereketlerden uzak durmagyna çagyrdy

525147
Hytaý ABŞ-na çagyryş berdi

Şinhua habarlar gullugynyň berýän habaryna görä Hytaýyň Daşary işler ministri Wang Ýi ABŞ-nyň Döwlet sekretary Jon Kerri bilen geçiren telefon söhbetdeşliginde dartgynly Günorta Hytaý deňizi meselesini ara alyp maslahatlaşdy.

Söhbetdeşlikde Wang Ýi ABŞ-na Günorta Hytaý deňizi bilen baglanşykly meselede tarapsyz bolmagyny isledi we iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň has hem ösdürmegine gönükmeginiň gowy boljakdygyny belledi.

Fillipinleriň sebitdäki özygtyýarlyk hukuklary sebäpli Hytaýa garşy Halkara Arbitraž kazyýetinde gozgan kazyýet işi we 12-nji iýulda beýanat berilmegine garaşylan kazyýet karary bilen baglanşykly Wang Ýi degişli kazyýet işinde bitarapdyklaryny, özlerine garşy kabul edilip biljek karary kabul etmejekdiklerini we kararyň hukuky taýdan güýjiniň bolmajakdygyny mälim etdi.

Kerri öz gezeginde bolsa sebitiň ýurtlarynyň arasyndaky bu meseläni diplomatiki ýollar bilen çözmeklerini goldaýandyklaryny nygatdy.



Degişli Habarlar