DAEŞ Bagdady gana bulady

Gurama tarapyndan guralan soňky hüjümlerde 131 adam ýogaldy

523269
DAEŞ Bagdady gana bulady

Yragyň paýtagty Bagdatda guralan bombaly hüjümlerde 131 adam ýogaldy, 200-den gowrak adam ýaralandy.

Hüjümiň jogapkärçiligini terrot guramasy DAEŞ öz üstüne aldy.

Ilkinji hüjüm bomba ýüklenen ulag bilen Bagdadyň söwda merkezi bolan Karada etrapçasynda guraldy.

Hüjümde aralaryndan çagalar we zenanlar bolan 120-den gowrak adam ýogaldy, 160 adam ýaralandy.

Gysga wagt soň bolsa şäheriň gündogarynda elde ýasalan bomba bilen hüjüm guraldy.

Ikinji hüjümde bolsa 10-dan gowrak adam ýogaldy, 40-dan gowrak adam ýaralandy.

Yragyň Premýer ministri Haýdar Al-Abadi wakanyň bolan ýerine bardy.



Degişli Habarlar