Türkiýe we Russiýa Siriýa krizisi babatynda gepleşikler geçirer

Russiýanyň Daşary işler ministri Sergeý Lawrow Türkiýe bilen Russiýanyň arasyndaky gatnaşyklaryň kadalaşmagyndan soň Siriýa krizisi diýalogynyň ýaňdandan başlap biljekdigini belledi

521185
Türkiýe we Russiýa Siriýa krizisi babatynda gepleşikler geçirer

Lawrow Fransiýanyň paýtagty Parižde kärdeşi Žan-Mark Aýro bilen Daşary işler ministrliginde duşuşdy.

Duşuşykdan soň geçirilen metbugat ýygnagynda çykyş eden Lawrow: “Siriýada çözüm babatynda Türkiýe bilen iň ýakyn wagta çenli örän netijeli gepleşikler geçirildi, emma her kim tarapyndan bilinýän wakalar sebäpli şol gepleşikler doly derejede tamamlanmady” diýdi.

Prezident R.T. Erdogan bilen Russiýanyň döwlet ýolbaşçysynyň arasynda soňky gezek geçirilen telefon söhbetdeşliginde gatnaşyklaryň kadalaşmagy babatynda pikir alyşandyklaryny habar beren Lawrow: “Türk hyzmatdaşlarymyz bilen Siriýadaky krizisiň çözgüdi babatynda maslahatlaşmagymyzy dowam etdireris” diýdi.

Atatürk howa menzilinde guralan terrorçylykly hüjümde ýogalan adamlaryň dogan-garyndaşlaryna gynanç bildiren Lawrow terrora garşy halkara derejede hyzmatdaşlyk edilmeldigini belledi.

Aýro bolsa terror barada durup geçip: “Ýene-de bir gezek terroryň ähli ýere täsir ýetirip bilýändigini gördük. Fransiýa türk halkynyň we ýogalan adamlaryň maşgalarynyň ýanyndadyr” diýdi.



Degişli Habarlar