Britaniýada ýene-de bir referendum geçirilip biliner

Beýik Britaniýada penşenbe güni ÝB-de galyp-galmazlyk bilen baglanşykly geçirilen referendumda ilatyň 52 göterimi ÝB-den çykmaklyk üçin, 48 göterimi bolsa agzalykdan çykmazlyk üçin ses berdi

518608
Britaniýada ýene-de bir referendum geçirilip biliner

Britaniýada ÝB-de galyp-galmazlyk baradaky referendumyň 2-nji gezek geçirilmegi üçin Britaniýanyň parlamendiniň internet saýtyndaky gol çekişlik kampaniýasyna gatnaşýan adamlaryň sany soňky 2 günde artyp 3 million adama ýetdi.

Britaniýanyň metbugatynda düýn referendumyň ýaňadandan geçirilip bilinjekdigi barada habarlardan soň kampaniýa gol çeken adamlaryň sany barha artýar.

Britaniýanyň parlamendiniň internet saýtyndaky arzanyň sany 100 müňden geçen halatynda parlamendiň aşaky ganady bolan Awam Kamarasynda gün tertibe getirilýär.

Beýik Britaniýada penşenbe güni ÝB-de galyp-galmazlyk bilen baglanşykly geçirilen referendumda ilatyň 52 göterimi ÝB-den çykmaklyk üçin, 48 göterimi bolsa agzalykdan çykmazlyk üçin ses berdi.



Degişli Habarlar