Fransuz kärhanasynyň DAEŞ-e salgyt töländigi mälim boldy

Le Monde gazedi Gurluşyk enjamlary kärhanasy Lafargeniň terror guramasy DAEŞ-e Siriýada 2013-nji we 2014-nji ýyllarda salgyt töländigini mälim etdi

516095
Fransuz kärhanasynyň DAEŞ-e salgyt töländigi mälim boldy

Habarda kärhananyň 2010-njy ýylda Siriýanyň bazarlary üçin sement öndürmäge başlandygy, ýurduň demirgazyk-günbataryndaky DAEŞ-iň gözegçiligi astyndaky ýerde ýerleşýän fabrikasynda işleýän işgärleriň we iş alyp barýan ulaglaryň howpsyzlygy üçin terror guramasy bilen hyzmatdaşlyk edendigi öňe sürülýär.

Alynan maglumata görä kärhana bilen DAEŞ-iň arasyndaky ylalaşyk 2014-nji ýylyň 19-njy sentýabryna çenli dowam etdi.

Şol wagtdan soň Lafarge kärhanasy sebitdäki işlerini bes etdi.



Degişli Habarlar