Mursi bu gezekgi kazyýet işiniň netijesi boýunça 15 ýyl azatlykdan mahrum edildi

Müsüriň ozalky Prezidenti Muhammed Mursi Katar üçin içalylyk etmek bilen aýyplanýan kazyýet işinde 25 ýyl bilen birlikde ýene-de 15 ýyl azatlykdan mahrum edildi

513588
Mursi bu gezekgi kazyýet işiniň netijesi boýunça 15 ýyl azatlykdan mahrum edildi

Kazyýet diňlenşiginde Mursi bilen birlikde aýyplanan beýleki 6 adama bolsa ölüm jezasy berildi.

Müsürde 2013-nji ýylda bolan hökümet agdarlyşygyndan soň Mursi we Musulman doganlar guramasyna garşy ençeme kazyýet işi gozgaldy.

Muhammed Mursä häzirki wagta çenli tamamlanan kazyýet işleriniň netijeleri boýunça 1 gezek asylyp öldürilme, 2 ömür boýy azatlykdan mahrum edilme we 45 ýyl azatlykdan mahrum edilme ýaly jezalar berildi.

Muhammed Mursa garşy gozgalan soňky kazyýet işinde bolsa ozalky Prezident Mursiniň kazyýete dil ýetirmek bilen aýyplanýar.



Degişli Habarlar