Ýewropa baran bosgun her 10 çagadan 9-y hossarsyz

Hosarsyz  bosgun çagalaryň sany 7 müňden geçdi

510685
Ýewropa baran bosgun her 10 çagadan 9-y hossarsyz

 

BMG-nyň Çagalara ýardam düzümi UNICEF şu ýyl Demirgazyk Afrikanyň üsti bilen Ýewropa baran bosgun her 10 çagadan 9-nyň hossarsyzdygyny habar berdi

UNICEF-iň habarnamasyna görä şol çagalaryň esasy bölegini Afrika ýurtlaryndan we Müsürden gelenler emele getirýär.

Habarnama görä, Demirgazyk Afrikanyň üsti bilen İtaliýa giden hosarsyz bosgun çagalaryň sany 2016-njy ýylyň 5 aýlyk döwründe geçen ýyl bilen deňeşdirilende 2 esse ýokarlap 7 müňden geçdi.

Habarnamada hosarsyz bosgun çagalaryň ynsan söwdasyna edýänlere ynanmakdan başga çäreleriniň ýokdygy we olaryň sözünden çykyp bilmeýändikleri nygtaldy.

Habarnamada ynsan söwdasyny edýänleriň bosgun çagalary zor bilen işledýändigi, olara zulum edýändigi we hatda gaçmak islän çagalaryň bolsa öldürilýändigi aýratyn bellenildi.

Habarnamada Ýewropa gelen bosgun çagalaryň sanynyň tomus paslynyňn gelmegi bilen has-da köpeljekdigi hakynda duýduryş berildi.

 



Degişli Habarlar